IFT barada
Esaslandyralan
2025 Mart
Salgysy
G.Kuliyeva Ojar Aziya. Asghabat, Turkmenistan
«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» IFT atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça Halkara forum indi ikinji gezek geçirilýär we eýýäm özüni ynamly, netijä gönükdirilen meýdança hökmünde görkezdi. Bu forum, işewürler jemgyýeti, halkara maýadarlar we döwlet edaralary arasynda gurluşly gepleşikleriň amala aşyrylmagyna mümkinçilik döredýär. Ilkinji forum Türkmenistanyn maýa goýum kuwwaty bilen halkara ünsüni çekdi we amaly, hyzmatdaşlyga esaslanan formatyň netijeliligini tassyklady.
2025-nji ýylda IFT 500-den gowrak gatnaşyjyny 25 ýurduň wekilleri bilen jemledi, şol sanda 40-dan gowrak halkara gurama, 180-den gowrak daşary ýurt kompaniýalary, 180-den gowrak ýerli kompaniýalar hem-de 50-den gowrak döwlet edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň maksatnamasyna B2B we B2G görnüşindäki gönükdirilen duşuşyklar we gepleşikler girizildi, netijede 21 sany çarçuwaly ylalaşyklara gol çekildi.
Gazanylan netijelerden ugur alyp, IFT 2026 has giň halkara köpçüligini özüne çekmegi, işewürlik we maýa goýum meýilnamasyny giňeltmegi, has hem köp hyzmatdaşlyklary we maýa goýum ylalaşyklaryny işläp çykmagy maksat edinýär. Bu bolsa Türkmenistanyň hususy pudagynyň we umuman milli ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine goşant goşar.
Näme üçin IFT 2026?
IFT 2026, hususy pudak bilen döwlet edaralarynyň göni hyzmatdaşlygyny üpjün etmek maksady bilen taýýarlanan amaly, oňyn netijä gönükdirilen işewür we maýa goýum meýdançasydyr. Gatnaşyjylara hyzmatdaşlar, degişli döwlet edaralary we B2B we B2G görnüşindäki duşuşyklara pudaklaýyn giriş mümkinçilikleri berilýär, bu bolsa B2C görnüşindäki hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri bilen giňeldilýär. Forum, Türkmenistanyn Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 18 ýyllygy mynasybetli halkara sergi bilen utgaşdyrylyp geçirilýär, bu bolsa işewürleriň arasyndaky gatnaşyklary we bazara çykmak mümkinçiliklerini has hem giňeldýär. IFT 2026-a gatnaşmak, maýadarlarа we kompaniýalara gyzyklanma bildirilýän bazarlara çykmaga, kanunçylyk we institutlar bilen tanyşmaga, Türkmenistanda işewürlik mümkinçiliklerini döretmäge, bilelikdäki kärhanalary gurmaga we maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge zerur bolan amaly gurallary birbada öwrenmäge mümkinçilik berýär. перведи на русский и англ