\

IFT 2026 - Türkmenistanyň Geljegine Maýa Goýumlar

18 Mart Aşgabat

0
Days
0
Hours
0
Minutes
0
Seconds
ift 2026

IFT 2026 - Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar

2026-njy ýylyň 18-nji martynda, Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda we senagat edarasynyň binasynda “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” (IFT 2026) atly hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça forum geçiriler.

TMT Consulting Group hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda Söwda-senagat edarasy hem-de Türkmenistanyñ Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi guramaçylary hökmünde çykyş ederler.

Giňişleýin
Tab Image
Tab Image
Tab Image

Forumyň temalary

Hususy pudagyň ösüşi

IFT 2026-nyň «Ykdysadyýetiň hususy pudagy – Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň binýady» atly plenar mejlisi Forumyň umumy strategik ugruny kesgitlär. Bu mejlisiň dowamynda hususy pudagyň milli ösüşiniň gün tertibindäki orny, şeýle hem onuň ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, durnuklylygynyň ýokarlandyrylmagyna we uzak möhletleýin ösüşiň üpjün edilmegine goşýan goşandy ara alnyp maslahatlaşylar.

Mejllisiň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli hususy pudagyň soňky 18 ýyllyk ösüş döwrüniň jemleri jemlener. Hakykatdan hem telekeçiler we senagatçylar ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýçleriniň birine öwrüldiler. Olar täze iş orunlarynyň döredilmegini üpjün edýän, bäsdeşlige ukyply milli önümçiligi ösdürýän, ýokary hilli ýerli önümler arkaly importyň ornuny tutýar hem-de eksport ugurly pudaklaryň gerimini giňeldýän güýçdirler. Mejlisde şeýle hem senagat, infrastruktura, oba hojalygy, hyzmatlar ulgamy boýunça hususyýetçiligiň orny, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalarynyň we dolandyryş tejribeleriniň ornaşdyrylmagy aýratyn üns merkezinde bolar.

Plenar mejlis döwlet, halkara hyzmatdaşlar we işewür toparlaryň arasynda durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde hususy pudagyň strategik hyzmatdaş hökmündäki ornuny mundan beýläk-de berkitmek meseleleri boýunça ýokary derejeli dialog üçin meýdança bolup hyzmat eder. Maýa goýumlar, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hem-de halkara hyzmatdaşlygy ugurlarynda ileri tutulýan ugurlar kesgitleniler, bu bolsa öz gezeginde IFT 2026 Halkara forumyň çäklerinde geçiriljek amaly çemeleşmelere we anyk ylalaşyklara binýat döreder.

Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy

Forumyň birinji panel mejlisi döwlet bilen hususy pudagyň arasynda alnyp barylýan hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyna bagyşlanyp, ol «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hem-de döwlet goldawy: ykdysady durnuklylygyň binýady» ady bilen geçiriler. Mejlisiň dowamynda bu strategik hyzmatdaşlygyň innowasiýalaryň ösdürilmegine, netijeliligiň ýokarlandyrylmagyna we ykdysady ösüşe nähili ýardam berýändigi görkeziler.

Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy (DHH) döwlet ygtyýarlyklarynyň hususy pudagyň tejribesi we maýa goýum mümkinçilikleri bilen utgaşdyrylýan özboluşly hyzmatdaşlyk görnüşidir. Şeýle format jemgyýetçilik ähmiýetli desgalaryň, ýollaryň we jemagat infrastruktura desgalarynyň gurluşygy ýaly möhüm taslamalaryň we hyzmatlaryň has çalt hem-de has tygşytly amala aşyrylmagyna mümkinçilik berýär. Munuň bilen bir hatarda taslama töwekgelçilikleri hem taraplaryň arasynda deň paýlaşylýar, serişdeleriň peýdalanylyşy tertipleşdirilýär we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň çäklerinde netijeleriň ýokary hili üpjün edilmegine mümkinçilik döredýär.

Mejlisiň dowamynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň üstünlikli taslamalarynyň mysallary, olaryň ykdysady durnuklylygy berkitmäge goşýan goşandy, şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Bu mejlis amaly tejribe alyşmak we täze başlangyçlary işläp taýýarlamak üçin meýdança bolup hyzmat etmek bilen bir hatarda, döwlet bilen işewürligiň hyzmatdaşlygynyň durnukly ösüşiň esasy sütünleriniň biridigini tassyklar.

Agrar pudagy we azyk howpsuzlygy

Forumyň ikinji mejlisi türkmen senagatçylarynyň we telekeçileriniň oba hojalyk pudagyny ösdürmekdäki ornyna hem-de milli azyk howpsuzlygyny üpjün etmekdäki goşýan goşandyna bagyşlanar. «Hususy pudagyň oba hojalyk ulgamyny ösdürmek boýunça mümkinçilikleri we azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde eýeleýän orny» ady bilen geçiriljek bu mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar hususy başlangyçlaryň tutuş agrosenagat ulgamynyň durnuklylygyny we bitewüligini nähili üpjün edýändigi barada pikir alyşmalar bolar.

Mejlisiň çäklerinde telekeçileriň ekinçilik, maldarçylyk, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryna, maýa goýumlara we netijeli dolandyryş çözgütlerine daýanmak arkaly goşulan baha hasaply önümleriň zynjyrynyň integrasiýasyny ösdürmäge goşýan goşandy ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem durnukly öndürijiligiň we azyk howpsuzlygynyň esasy şertleri bolup durýan suwaryş ulgamlaryny, weterinar hyzmatlaryny, ammarlary, sowadyşhanalary, logistika ulgamlaryny hem-de hil gözegçilik ulgamyny öz içine alýan zerur şertleriň we infrastrukturalaryň döredilmegi babatdaky meselelere aýratyn üns berler.

Türkmenistandan we daşary ýurtlardan öňdebaryjy bilermenleri we resmi wekilleri bir ýere jemlejek panel mejlisi häzirki zaman tejribeleri alyş-çalyş etmek, maýa goýumlaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek hem-de innowasiýalar, infrastruktura ösüşi we döwlet–hususy hyzmatdaşlygynyň netijeli gurallary arkaly azyk howpsuzlygyny berkitmek boýunça amaly çözgütleri işläp taýýarlamak üçin ähmiýetli meýdança bolup hyzmat eder.

Infrastruktura we ulaga maýa goýumlarynyň ösüşi

Bazarlary baglanyşdyrýan ulag geçelgelerinden başlap, önümçilik mümkinçiliklerini emele getirýän häzirki zaman senagat desgalaryna çenli, infrastruktura – ykdysady mümkinçilikleri hakyky ösüşe öwürýän esasy hereketlendiriji güýçdir. Forumyň üçünji mejlisi «Ykdysadyýetiň hususy pudagy we infrastruktura: gurluşyk, senagat we ulag ulgamlaryna maýa goýumlar» ady bilen geçiriler we senagat, gurluşyk hem-de ulag ulgamynyň özara baglanyşykly ösüşiniň milli we jemgyýetçilik özgertmeleriniň binýadyny nädip emele getirýändigine bagyşlanar.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda hususy maýa goýumlaryň senagat önümçiliginiň giňeldilmegine, zamana laýyk gurluşyk tejribeleriniň ornaşdyrylmagyna, ulag we logistika baglanyşygynyň ösdürilmegine, üpjünçilik zynjyrlarynyň berkidilmegine, sebitara baglanyşygyň güýçlendirilmegine hem-de öndürijiligiň ýokarlandyrylmagyna nähili ýardam berýändigi hem seljeriler. Şeýle hem mejlisiň dowamynda möçberini ulaltmak mümkin bolan taslamalara, innowasion maliýe modellerine we häzirki zaman infrastrukturasynyň söwdanyň hem-de hereketlilik mümkinçilikleriniň ösüşindäki ornuna aýratyn üns berler.

Mejlisiň jemleri boýunça infrastruktura ösüşiniň durnukly häsiýete eýe bolmagyna itergi berip biljek ileri tutulýan maýa goýum mümkinçilikleri we hyzmatdaşlyk modelleri kesgitlener. Bu hem öz gezeginde bellenip geçilen meselelerde hususy pudagyň strategik gatnaşygynyň uzak möhletleýin ykdysady durnuklylygy üpjün etmekde we ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda nähili derejede möhüm ähmiýete eýedigini aýdyň görkezer.

Sanly özgertmeler

XXI asyryň ilkinji çärýegi sanly eýýamyň başlanandygyny alamatlandyrdy. Bu döwürde maglumatlar täze gazanç çesmesine öwrülip, emeli aň bolsa ykdysady bäsdeşligiň täze düzgünlerini kemala getirip başlady. Ýakyn geçmişde ýönekeý synag hökmünde kabul edilýän zatlar häzirki wagtda öndürijiligi, dolandyryş ulgamlaryny we dünýä boýunça maýa goýum gurşawlaryny özgertýän strategik faktora öwrüldiler.

«Sanly Türkmenistan: ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşi we maýa goýum gurşawynyň kämilleşdirilmegi» atly many taýdan baý boljak mejlisiň çäklerinde emeli aňy, awtomatizasiýany, elektron söwdany, finteh çözgütlerini, «akylly» logistika ulgamlaryny hem-de e-hökümeti öz içine alýan sanlaşdyrmagyň işewürlik modellerini nähili özgertýändigi we bäsdeşlik artykmaçlyklarynyň täze çeşmelerini nähili açýandygy ara alnyp maslahatlaşylar. Çekişmeler innowasion ösüşi, netijeliligi we ykdysadyýetiň aç-açanlygyny üpjün edýän sanly ekoulgamlaryň, häzirki zaman kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň hem-de howpsuz sanly infrastrukturalaryň kemala getirilmegine gönükdiriler.

Forumyň jemleýji mejlisi sanly özgertmeleri durnukly ösüşiň itergi beriji güýji we geljege gönükdirilen, maýa goýum üçin özüne çekiji gurşawy kemala getirmegiň möhüm guraly hökmünde görüp, ileri tutulýan özgertmeleri, maýa goýum mümkinçiliklerini we hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemäge bagyşlanar

Hyzmatdaşlarymyz

Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo
Company Logo